«Тепло-Холод» kärhanasy tarapyndan üpjün edilýän kondisionerler – durnukly işi bilen häsiýetlendirilýän berk split-ulgamlardyr. Kärhanada olar ençeme ýörite synaglardan ybarat bolan barlaglardan geçirilýärler. Ulgam uzak wagtlap abatlaýyş işlerini talap etmez ýaly we durman işlemegini dowam etdirer ýaly kondisionerleriň serwis we tehniki hyzmatlarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi zerurdyr.

IŞLERIŇ DÜZÜMI

Kondisionerleriň (split-ulgamlaryň) tehniki hyzmaty – işleriň bir bitewi toplumydyr. Olaryň esasy maksady – enjamyň işläp duran ýagdaýynda saklanylmagy we meseleleriň öz wagtynda ýok edilmegi. Kondisioneriň tehniki hyzmaty boýunça işleriň sanawy aşakda görkezilen.

Içki we daşky bloklarynda:

  1. Ulgamyň umumy öndürijiligi ölçenýär;
  2. Adaty bolmadyk şaggyldylar we wibrasiýalar ýüze çykarylýarlar, bar bolan ýagdaýynda olar ýok edilýärler;
  3. Energiýa liniýasynyň parametrleri barlanýar;
  4. Elektriki izolýasiýanyň garşylygy ölçenýär;
  5. Kondisioneriň elektriki bölegi barlanýar;
  6. Ýylylyk tabşyryjylar hapalardan arassalanýarlar, daşky blokdan özge zatlar aýyrylýar;
  7. Split-ulgamyň korpusy arassalanýar.

Kondisioneriň içki blogynda:

  1. Filtrleýji elementler arassalanýarlar, zerur bolan ýagdaýynda olar çalşylýarlar;
  2. Drenaj iki gat düýpler, ondaky suw derejesiniň datçigy we nasos aýyrylýarlar we ýuwulýarlar;
  3. Drenaj ulgamy arassalanýar;

Kondisioneriň daşky blogynda:

  1. Adaty bolmadyk şaggyldylar we wibrasiýalar ýüze çykarylýarlar, bar bolan ýagdaýynda olar ýok edilýärler;
  2. Kompressor zynjyryndaky tok, işletme we split-ulgamyň iş wagtyndaky klemmalaryň güýji ölçenýär;
  3. Klapan barlanýar;
  4. Sowadyjy agentiň konturyndaky filtrler barlanýarlar;

Ýereçatma parametrler ölçenýär.

ARZANY GALDYRMAK