«Teplo-Holod» kärhanasy uly höwes bilen Siziň öýüňizde, jaýyňyzda ýa-da ofisiňizde rahat we ýakymly atmosferany döratmäge kömek eder. Biziň assortimentimiz ýokary hilli klimatiki tehnikasyny öz içine alýar.

Biz işlän otagyňyzda ýakymly mikroklimaty döretmäge kömek ederis! Toplanan tejribäniň kömegi bilen, «Teplo-Holod» kärhanasy Türkmenistanyň tutuş territoriýasynda klimatiki ulgamlaryň satuwyny, montajyny we eltip bermesini üstünlikli amala aşyrýar.

Şeýle hem Biz müşderilerimizi hyzmatlaryň aşakdaky görnüşleri bilen üpjün edýäris:

  • Kondisionirleme we wentilýasiýa ulgamlaryň proýektirlenmegi we montajy.
  • Proýektden öňki döwürdäki işleriň toplumynyň ýerine ýetirilmegi (ölçegler, kommunikasiýalaryň bellige goýulmagy).
  • Enjamyň saýlanylmagyndaky maslahat we kömek.
  • Ähli kynçylykdaky klimatiki enjamlaryň gurulmagy.
  • Tehnikanyň serwis we kepillendiriş hyzmaty.

Biz iň kyn abatlaýyş we serwis işleriň ýerine ýetirilmegini boýnumyza almaga taýýardyrys!  Şeýle-de hem, Biziň kärhanamyz durmuş kondisionerleriň we kondisionirlemäniň we wentilýasiýanyň senagat ulgamlarynyň serwis hyzmatyny amala aşyrýandyr.

«Teplo-Holod» kärhanasynyň artykmaçlyklary:

  • Işgärleriň klimatiki hyzmatlar pudagynda köp ýyllyk tejribeleriniň bolmagy.
  • Giň assortiment.
  • Üpjün edilýän hyzmatlaryň ýokary hili.
  • Hyzmatyň professional hili.
  • Her bir müşderä – aýratyn çemeleşme.
  • Ýerine ýetirilýän işiň hiline bolan jogapkärçilikli çemeleşme we doly kontrollyk.
     

Iň gowy kondisionerleri  «Teplo-Holod» kärhanasy öndürýändir!

Eger Siz ýokary hilli kondisioneri satyn alasyňyz gelýän bolsa – onda biziň işgärlerimize ýüz tutuň! Biz elmydama gowy klimatiki enjamy saýlamagy kömek etmäge taýýardyrys.

«Teplo-Holod» kärhanasynyň menejerine jaň ediň, we Siz diňe bir professional maslahatyny almarsyňyz, şeýle-de hem Siz oňaýly tehniki çözgüdiň gözlegi üçin biziň ekspertimizi çagyryp bilersiňiz.

Biziň kärhanamyzyň maksady – her bir müşderä hut özüne gerek bolan klimatiki tehnikany saýlamaga kömek etmek. Assortimente diňe iň gowy kondisionerler girýändir! Dürli öndürijilerden bolan (Hyundai, Gree, Skyworth, Haier) görnüşleriň  giň saýlamasy sebäpli, Siziň mydama özünize gerekli klimatiki enjamy almaga mümkinçiligiňiz bolar.

Biziň ussalarymyz Size split-ulgamyň gurulmagynyň has oňaýly görnüşini hödürlemäge we Siziň otagyňyzda professional montajy ýerine ýetirmäge taýýardyrlar. «Teplo-Holod» kärhanasynyň direnýän esasy möhüm prinsipleri – her bir müşderä bolan aýratyn çemeleşme we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hili.